Bereket çeşmesi

1 Iýul 2021
963

Suw adamzat durmuşynda iň gymmatly hazyna. Durmuş döräli bäri, ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi hasaplanylýan suw tebigaty janlandyrýar, ynsan durmuşyny gülledip özgerdýär. Ol isripsiz ulanylmaly baýlykdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen soňky ýyllarda diňe bir derýalarymyz däl, ýagyş-ýagmyrlaryň suwuny-da yrýa etmezlik üçin ygalyň köp düşýän ýerlerinde suw howdanlarynyň birnäçesi guruldy. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň hanasyna toplanýan suwuň möçberi hem barha artýar. Geljekde onuň suwuny süýjedip, ekerançylyk, içimlik üçin peýdalanyp boljakdygyny hünärmenler aýdýarlar. Alym Arkadagymyzyň tagallalary bilen Hazar deňziniň suwuny süýjediji desgalaryň ençemesiniň gurulmagy, eýýäm bu ugurda ýeterlik tejribäniň toplanylandygyny aňladýar. Belli bolşy ýaly, her bir ugurdaky hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan Türkmenistanyň Suw kodeksi we suw gatnaşyklaryna degişli beýleki kanunçylyk namalary esasynda düzgünleşdirilýär. Bu hukuk namasy suw serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, suwlary hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramagy üpjün etmäge, olara ýetip biljek ýaramaz täsirleriň öňüni almaga we ýok etmäge, suw obýektleriniň ýagdaýyny dikeltmäge we gowulandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Suw kodeksi we 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegine, onuň hiline we çeşmeleriniň goralmagyna, olardan peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýar. Mundan başga hem bu Kanun agyz suw üpjünçiliginiň ulgamlarynyň rejeli peýdalanylmagynyň we ekologik taýdan goralmagynyň, şeýle-de agyz suw üpjünçiligi babatda subýektleriň özara gatnaşyklarynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kadalaşdyrýar.

Halkara gatnaşyklarynda hem Türkmenistan suw baradaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan birnäçe Konwensiýalara goşuldy. Olaryň hatarynda Transserhet suw akabalaryny we köllerini ulanmak we goramak boýunça konwensiýa, Baltika deňziniň töwerekleriniň tebigy deňiz sredasyny goramak boýunça konwensiýa, Deňiz galyndylaryň we beýleki materiýalaryň zyňylmagy bilen hapalanmagyň öňüni almak boýunça konwensiýa, Açyk deňiz baradaky konwensiýa, Kontinental self baradaky konwensiýa, Balykçylyk we açyk deňziň janly resurslaryny goramak baradaky konwensiýa ýaly birnäçe halkara resminamalar bar.

Jennet ARAZOWA
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.