Tebigatyň gözelliklerini aýalyň!

1 Iýul 2021
777

Yssy howaly günlerde tebigaty goramak meselesiniň wajyplygy has-da artýar. Bu zerurlyk, aýratyn-da, tutuş halkymyzyň dogduk topragyna tükeniksiz mähir-yhlasyndan dörän emeli tokaýlyklary goramakda ýiti duýulýar. Hut şonuň üçin hem tebigat bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, oňa zelel ýetirilmez ýaly, etjek-goýjak hereketimiziň dürs bolmagyny gazanmagymyz gerek.

Tebigata çykanyňda, ot ýakmak gadagandyr, munuň özi ot-çöpli, bag-bakjaly ýerlerde uly ýangynlaryň döremegine sebäp bolýar. Eger ot ýakylan bolsa, soňuna çenli durup, ot ýakylan ýere gum sürüp, közüni mazaly öçürmeli, onuň öçendigine magat göz ýetirip, ol ýerden gaýtmaly. Çalgy ýagy ýa-da ýeňil ýanyjy suwuklyklar siňen esgileri, söndürilmedik çilim, döwlen çüýşe ýa-da aýna bölekleri taşlansa, Gün şöhleleriniň ugruny üýtgedip geçmegi zerarly guran ot-çöpleriň gyzmagy netijesinde, oduň öz-özünden döremegine getirip bilýändigini unutmaly däldiris. Mundan başga-da, tebigata ulagly çykan adamlar awtoulagyň, aýratyn hem onuň tüsseçykaryjysynyň gurat bolmagy barada aladalanmalydyr. Bu enjam ýörite uçgun söndüriji bilen üpjün edilmelidir.

Mergen MERGENOW
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň müdiriniň orunbasary, içerki gullugyň maýory.