Tebigaty goramak — ählumumy wezipe

24 Iýun 2021
961

2021-nji ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň gazylyp alynýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumynda «Gazylyp alynýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir» atly mowzuk bilen çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda senagat önümçiliginiň zyňyndylarynyň daşky gurşawa edýän zyýanly galyndylaryny peseltmek boýunça Türkmenistanda uzak möhletli, giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny habar berip, adamzadyň umumy öýi bolan tebigatymyzy goramak boýunça täze halkara başlangyçlary öňe sürdi.
Ynsan bilen tebigaty biri-birinden üzňe göz öňüne getirip bolmaýar. Çünki ynsanyň ömri, has oňaýly ýaşaýyş şertleri, maddy üpjünçiligi tebigatyň baýlyklary we onuň ekologiýa mümkinçiliklerine esaslanýar. Şol bir wagtda tebigat ynsanyň iň ýakyn lukmanydyr. Onuň esasy bejeriş güýji Günüň mylaýym şöhlesinde, arassa howasynda, süýji suwunda hem-de ösümlik we haýwanat dünýäsiniň dermanlyk täsirlerine baý gymmatlyklarynda jemlenendir. Şoňa görä-de, tehnologiýanyň häzirki zaman ösen dünýäsinde daşky tebigy gurşawa jogapkärli çemeleşmek, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak we biodürlüligini baýlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işleri yzygiderli alyp barmak Zeminiň abadançylygyny goramak hem-de senagatyň zyýanly zyňyndylarynyň ekologiýa wehiminden goranmak bilen bagly tutuş ynsan nesilleriniň öňünde duran baş wezipeleriň biridir. Her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň bellenilip geçilmegi hem umumadamzat öýi bolan gözel tebigatyň goraglylygyny üpjün etmegiň iňňän zerurlygyndan nyşandyr.
Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» halkara maslahatynda, «Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak» boýunça 3-nji Bütindünýä maslahatynda, 7-nji Bütindünýä suw forumynda we beýleki iri halkara maslahatlarynda ençeme netijeli başlangyçlary öňe sürdi. Aral deňziniň ýaramaz täsiriniň öňüni almak, Hazar deňziniň gurşawyny arassa saklamak, sebitde howanyň ählumumy üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirini azaltmak, biologik dürlüligi gorap saklamak hem-de çölleşme hadysasy bilen bagly meseleleri halkara derejede toplumlaýyn çözmek baradaky teklipler we başlangyçlar bilen çykyş etdi. Munuň özi tebigaty goramakda hem onuň ajaýyplyklaryny geljekki nesillere geçirmekde Arkadag Prezidentimiziň sebit we halkara ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä döwletleri tarapyndan gyzgyn goldanýandygynyň hem-de üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda giňden dabaralandyrylýan ekologiýa syýasatynyň esasy maksady hem, ilkinji nobatda, gözel tebigatymyzyň topragyny mukaddeslik hökmünde goramakdan, baýlaşdyrmakdan hem-de köp müňýyllyk taryhly halkymyzyň arassa we tämiz howaly daşky gurşawda sagdyn ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de hut özüniň başda durmagynda ýurdumyzda her ýylda millionlarça düýp bag nahallarynyň oturdylmagy ata-babalarymyzyň arzuwlarynyň bagtyýar durmuşymyzda wysal bolýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Bibi ARTYKOWA
Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk ministrliginiň işgäri.