Güller — gözellik dünýäsi

17 Iýun 2021
1191

Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek üçin ýurdumyzyň ösümlik dünýäsi ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyrylan, durnukly we halk hojalygy üçin peýdaly täze görnüşler bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Bu işlere ýaşlaryň hem giňden gatnaşmaklary gazanylýar. Tebigy gözellikleriň esasy bölegini güller emele getirýär, gülleriň içinde bolsa çigildemler, gülälekler halkymyzyň eý görýän gülleriniň hataryndadyr. Çigildemleriň dürli görnüşleri bar. olar öz möwsüminde diňe sähra-meýdanlara däl, eýsem ýörite ýetişdirilip, oba-şäherlerimiziň ýol-ýodalaryna hem bezeg berýär.

Miheliň çigildemi Köpetdagyň ähli ýerinde — dag eteginden, dagyň ýokarky guşaklaryna çenli, çagylly-daşly we ownuk toprakly eňňitlerde, deňiz derejesinden 400 — 2800 metr beýiklikde duş gelýär. Gülleýiş döwri martyň üçünji ongünlüginden apreliň birinji ongünlügi aralygydyr. Onuň gülleýiş dowamlylygy 30 güne ýetýär. Çigildemler tebigatda dürli ekologik şertlerde duş gelmek bilen, düzlüklerde we dag ekoulgamlarynda toprak şertlerini talap etmezden ösýär. Miheliň çigildeminiň düýpsogany 40 santimetr çuňlukda ýerleşýär (edebi çeşmeleriň maglumatlarynda — 20 — 30 santimetr). Seýrek görnüş hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Jennet AGADŽAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.