Aşgabat — okgunly ösýän şäher

16 Iýun 2021
696

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň başyny başlamak bilen, olary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny berk gözegçilikde saklaýar. Munuň özi binalaryň bezeg işlerinden başlap, olaryň tehniki üpjünçiligine, desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyna we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine çenli ähli tapgyrlary öz içine alýar.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça amala aşyrýan her bir iş saparynda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň barşy bilen jikme-jik tanyşýar. Milli Liderimiz alnyp barylýan işleriň ähli ugurlary, onuň her bir tapgyry bilen gyzyklanýar. Ýurdumyzyň taslamalary işläp düzüjileri, binagärleri, gurluşykçylary hormatly Prezidentimiziň desgalaryň ähmiýeti, olaryň ygtybarlylygy, howpsuzlygy hem-de bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly görkezmelerini, tekliplerini baş ýörelge edinýärler.

«Aşgabat».