Yhlasly zähmetiň miwesi

16 Iýun 2021
745

Türkmenistan — ak bugdaýyň Watany. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden toýlanylýan ýylynda, edermen gallaçylaryň yhlasly zähmetleri netijesinde ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Şol maksat bilen 14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Watanymyzyň bagtyýarlygy biziň manyly ýaşaýşymyzdyr. Bu gadymy Diýarda Watan mertebesiniň belentliginiň hatyrasyna, ähli yhlasyny, gaýratyny bagyş eden merdanalaryň göreldesi nusga bolup ýaşaýar. Häzirki ösüşli döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýäde öz mynasyp ornuny eýelemegi üçin, öňümizde goýýan belent maksatlarymyz hem şunuň aýdyň subutnamasydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda aýratyn nygtaýar. Şondan ugur alnyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Döwletimiz oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin zerur şertleri döredýär. Daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary we suwaryş suwy bilen doly üpjün edilýär.

Ýörite habarçymyz.