Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

16 Iýun 2021
680

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş. Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda taslamalar, täze binalaryň, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika toplumyna, Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi hem-de energetika ministrleri, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.