Baş maksat — halkyň saglygyny goramak

16 Iýun 2021
921

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň raýatlarynyň maddy hal-ýagdaýyny, medeni-durmuş şertlerini gowulandyrmak, bilim derejesini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Milli Liderimiziň «Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr» diýen baş ýörelgesine eýerilip, halkyň saglygyny goramaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär.

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň we ony ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň kabul edilmegi munuň ýene-de bir subutnamasy boldy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak üçin ähli mümkinçilikler we şertler göz öňünde tutulýan kämil hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek esasy wezipe hökmünde öňde goýulýar. Ýakynda bolsa, hormatly Prezidentimiz ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak we adamlaryň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýene-de bir Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama hem-de ony ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Maral ALLABERENOWA.
«Saglyk».