Ak şäheriň ýaşyl ýaraşygy

16 Iýun 2021
1136

Paýtagtymyzyň gözelligine görk goşýan ajaýyp künjekleriň biri-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli Botanika bagydyr. Onuň täsinlikleri hakynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen bagly gürrüň etmek has-da ýakymly. Bu ýer — tebigatyň täsin dünýäsi, seriňi durlaýan, pikiriňi has-da aýdyňlaşdyrýan, kalbyňa gözellik eçilýän ýer. Bu ýerde döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimizi, talyplary hemişe görmek bolýar.

Kuwwatbaý GYLYÇMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň başlygy. Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.