Beýik döwrümiziň ajaýyp şäheri

14 Iýun 2021
677

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda Gahryman Prezidentimiziň yhlasynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde bedew bady bilen pajarlap ösýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz özüniň baş baýramyna, mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllygyna barýar. Milli Liderimiziň daşyna pugta jebisleşen merdana hem bagtyýar türkmen halkymyz bu şanly senäni zähmet üstünliklerine besläp, uly ruhubelentlikde garşy alýar. Birek-birege sarpa goýmak we çyn ýürekden ynanyşmak arkaly agzybirlikde amala aşyrylýan her bir döwletli işlerimiz ýurdumyza uly üstünlikler getirýär, eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde belende göterýär, halkymyzyň eşretli durmuşyny has-da rowaçlandyrýar.

Şeýle bolansoň, Garaşsyz Diýarymyz toý-baýramlaryň, şanly wakalaryň mekanyna öwrüldi we toýlarymyz toýa, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Üstümizdäki ýylyň 25-nji maýynda ýurdumyzyň ýüregi hem baş şäheriniň, ak mermerli paýtagtymyzyň gününi, onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýy bilen bilelikde giňden belläp geçen günlerimiz ýatdan çykmajak şanly wakalara baý boldy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiziň binagärlik taglymatyna esaslanyp amala aşyran ýörite şähergurluşyk maksatnamasynyň netijesinde, «Aziýanyň merjeni» diýen buýsançly derejä eýe bolan ak mermerli paýtagtymyz baýramçylyk lybasyny geýdi, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan baýramçylyk çäreleri ählihalk buýsanjyna öwrüldi.

Amangeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.