Tebigaty ýangyndan goralyň!

9 Iýun 2021
1167

Dynç günlerinde ýada zähmet rugsady wagtynda howanyň yssy günleri ildeşlerimiz maşgala agzalary bilen tämiz howaly, akar suwly tokaýseýilgäh zolaklarynda dynç alýarlar. Ol ýerlerde nahar bişirmek üçin ot ýakmagyň özboluşly düzgünlerini berjaý etmezden, ýangynyň ýüze çykmak howpuny döredýärler. Aşgabat şäherinde we welaýatlarda köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde ot ýakmak doly gadagan edilýär. Egerde çykgynsyz ýagdaý emele gelende, ot ýakmak üçin, çägeli ýada akar suwuň golaýynda ýerleşýän daşly ýerden peýdalanmaly. Ot ýakylmazdan öň, ot ýakyljak ýeriň 15 metr daştöweregi guran otçöplerden topraga çenli arassalanmalydyr. Ody ýarym metr çuňlukda ýada daşly ýer bolanda, töweregine daşlary örüp ýakmalydyr. Otdan peýdalanyp bolandan soň, ot suw ýada gum, çäge sepilip, doly söndürilmelidir.

Köpçülikleýin dynç alyş ýerlerinde doly söndürilmedik otluçöp galyndysyny ýere taşlamak howpludyr. Şeýlede dynç alyş ýerlerinde çüýşe gaplaryny we aýna döwüklerini galdyrmaň, sebäbi şol aýna gaplaryň Günüň şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi bilen, ýangynyň döremegine sebäp bolmagy mümkin.

Azat TAGANGELDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 104nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory.