Maý baly — melhem

5 Iýun 2021
1433

Türkmen topragynyň üstüniň-de, astynyň-da hazynadygy hemmä aýan hakykat. Ýurdumyzyň köp ýerini Garagum sährasy tutýar. Onuň ösümlik dünýäsi köpdürlüligi bilen tapawutlanýar we ekologik taýdan iň arassa önümleri berýär. Şol önümleriň biri-de ary balydyr. Eýýäm aprel aýynda akly-gyzylly güllere beslenen Garagum sährasy gyş ukusyndan oýanan arylaryň nektar ýygnaýan meýdanyna öwrülýär. Sebäbi, gülleýän wagty çöl ösümlikleriniň köpüsi iň bir arassa nektary emele getirýär. Ösümlik olary özünde birnäçe wagtlap saklap bilýär. Balary gelip, nektary sorup alandan soňra bu ösümliklerde nektaryň emele gelmesi dowam edýär. Şondan bolsa gerek, lebaply balçylar eýýäm mart aýynda arylaryny Garagum sährasyna çykarýarlar. Arynyň ýygnaýan nektarlary sähel wagtyň içinde arassa bala öwrülýär. «Maý baly» diýlip atlandyrylýan bal özüniň ýokumlylygy babatda has tapawutlydyr. Muny bal önümleriniň halkara sergi-ýarmarkalaryna gatnaşýan balçylar guwanmak bilen belleýärler.

Balçylar öz işleriniň hysyrdylydygyna garamazdan, örän gyzyklydygyny, özboluşly lezzet berýändigini aýdýarlar. Farap etrabyndan Röwşen, Zyýadulla, Perman Durdyýewler, Kerki etrabyndan Amangeldi we Rahmanguly Gurbankulowlar ýaly agzybir doganlar balary maşgalalarynyň 100-e golaýyny idetseler, Köýtendag etrabyndan Işkuwat Abdynazarow maşgalasy bilen balarylaryň 60 maşgalasyny idedýär. Olardan bu käriň inçe tilsimlerini öwrenýän ýaşlar hem tejribeli balçylaryň hataryna goşulýar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».