5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

4 Iýun 2021
1748

Tebigat — diriligiň çeşmesi

Türkmen tebigaty diýlende, gözel Diýarymyzyň ak garlara bürenip oturan daglary, ýazyna ýaşyl otlardyr al-elwan öwüsýän baýyrdyr depeleri, durnaň gözi ýaly dury suwly çeşmeleri, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ymgyr çöli göz öňüňde janlanýar. Bu gözelligi wasp etmedik şahyr, bagşy elbetde, ýok bolsa gerek.