Otag gülleri

2 Iýun 2021
2841

Iş otaglarynda ýa-da öýlerde küýzejiklerde ekilen gülleri göreniňde, göwnüň göterilýär. Olary ähli otaglarda ekmek amatlydyr.Ýakymly ysly güller rahat dynç almagyňa hem oňyn täsir edýär.

Gülli küýzejikler Gün şöhlesi endigan düşüp duran penjiräniň öňünde goýulsa, has-da amatlydyr. Çünki ähli dal-daragtlar ýaly, otag gülleri hem ýapraklarynyň üsti bilen Gün energiýasyndan iýmitlenýärler.

Maýa DURDYÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň kitaphana müdiri.