Tebigatymyzy goralyň!

31 Maý 2021
1479

Tebigaty goramak, onuň köpdürlüligini aýawly saklamak hormatly Prezidentimiziň başyny başlan Türkmenistanyň uzak möhletleýin ekologiýa maksatnamasynyň möhüm ugrudyr. Bu hakda “Tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny aýawly saklamak barada hemişe alada etmek, Watana, mähriban ojagyna, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda aýawly saklanyp, biziň günlerimize gelip ýeten asylly däplerine bolan hakyky söýgä her bir ýolbaşçy, ýurdumyzyň her bir raýaty doly düşünmelidir!” diýip, Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda nygtap geçýär.

Hormatly Prezidentimiziň tebigaty we daşky gurşawy goramak baradaky alyp barýan syýasatyndan ugur alýan Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň işgärleri hem gözel tebigatymyzy gorap saklamaga öz goşantlaryny goşýar.