Okýylan

31 Maý 2021
3921

Ot-çöplere baý, çeşme-çaýly iň gözel ýerleriň eýeleri hasaplanylýan ýylanlar barada näçe gürrüň etseň az. Olaryň owadan keşbi ýa-da peýdaly taraplary, olar bilen baglanyşykly yrym-ynanç adatlarymyz barada gürrüň etdigiňçe gürrüň açylýar.

Dünýäde ýylanlaryň üç müňe golaý görnüşi bolup, olar Antarktidadan we Irlandiýadan özge hemme ýerde ýaýrandyrlar. Olaryň köpüsi gury ýerde, käbirleri süýji suwlarda we deňizlerde ýaşaýarlar. Ýumurtga ýa-da içi eýýäm janly ýylanly ýumurtga taşlamak arkaly köpelýärler. Ýylan çagasyna ýylançyr diýilýär.