Yssy günlerde howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edeliň!

31 Maý 2021
1174

Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, ähli ýerlerde otag sowadyjy enjamlar örän köp ulanylýar. Şoňa görä-de, olarda ýangyn döremek howpuny aradan aýyrmak üçin, gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaly we ulanmaly. Elektrik akymynyň bir nokadyna çendenaşa agram düşmez ýaly, oňa birbada birnäçe elektrik enjamlaryny birikdirmeli däldir. Elektrik akymyna gereginden artykmaç kuwwatly goraýjylary goýmak olaryň goraýjylyk ukybyny peseldýär.

Öýden, iş ýerleriňizden çykyp gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda, jaýlary gözden geçirip, elektrik enjamlarynyň öçürilendigini barlaň! Elektrik togy bilen işleýän enjamlar gurnalanda, ulanylanda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmek bolup biläýjek nogsanlyklaryň öňüni alar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy.