Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary bilen maslahat geçirdi

28 Maý 2021
733

26-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary bilen geçiren maslahatynda olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdy, şeýle hem bu düzümiň işini guramak bilen bagly möhüm wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiz gün tertibine girizilen meselelere geçip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň komitetleriniň başlyklaryna söz berdi. Olar degişli komitetlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.