Ýurdumyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine

28 Maý 2021
885

26-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary bilen geçiren maslahatynda olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdy, şeýle hem bu düzümiň işini guramak bilen bagly möhüm wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiz gün tertibine girizilen meselelere geçip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň degişli komitetleriniň başlyklaryna we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryna söz berdi.