Merjen şäherimiz şan-şöhrata beslenýär

26 Maý 2021
827

25-nji maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­ni we paý­tag­ty­my­zyň 140 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zy­gyn­da «Aş­ga­bat-si­ti» iri ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň düý­bü­ni tut­mak we iki gat­ly tä­ze ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny ulan­ma­ga ber­mek bo­ýun­ça gu­ra­lan da­ba­ra­la­ra gat­naş­dy.

Ir sä­her bi­len şä­he­riň de­mir­ga­zyk kün­je­gin­de bi­na edil­jek tä­ze top­lu­myň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy­nyň ge­çi­ril­jek ýe­rin­de baý­ram­çy­ly­ga mah­sus ýag­daý eme­le gel­di. Bu ýe­re Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn dü­züm­le­riň, paý­tag­ty­my­zyň hä­kim­lik­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry ýyg­nan­dy­lar.