Diýarymyzyň gözel tebigaty

16 Maý 2021
1313

Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan işlere nazar aýlanymyzda, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinen hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän işleriň çäksizdigine göz ýetirýärsiň. Häzirki döwürde ata Watanymyzyň ýaşyl donly bagy-bossanlyga bürenip oturyşyny synlanyňda, türkmen edebiýatynyň meşhur şahyry, Gara Seýitliýewiň: «Her kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar» diýen ajaýyp setirleri seriňe gelýär. Hawa, milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döredilen tokaý zolaklary diňe bir gözel paýtagtymyzyň daş-töweregini däl-de, eýsem, Diýarymyzyň çar künjegini gurşap alýar. Bu tokaýlar ata Watanymyzyň howasynyň täzelenmegine, tämizlenmegine ýardam berýär. Bu bagy-bossanlyk eziz Diýarymyzy ýellerdir, şemallaryň üsti bilen ýurdumyza gelýän zyýanly tozanlardan goraýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüjiligi bilen Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy hem kabul edildi. Bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda bag ekişligine badalga berilýär. Geçirilýän bag ekmek dabaralarynda millionlarça düýp agaç nahaly oturdylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda döredilýän tokaý zolaklarynyň sany ýylsaýyn artýar. Bu işleriň amala aşyrylmagy daşky gurşawy gorap saklamaga, ekologiýa howpsuzlygyny berjaý etmäge, sagdyn, kämil jemgyýeti kemala getirmäge ýardam berýär.

Annamuhammet MOMMYÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.