Strategik hyzmatdaşlygyň kuwwaty artdyrylýar

14 Maý 2021
1465

10-njy maýda döwlet Baştutanymyzyň Buýrugy bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti HHR-iň Sian şäherine iş saparyna ugradyldy. Saparyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiz bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baştutany Si Szinpiniň arasynda ýakynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda gyzyklanmalar nygtaldy. Şeýle hem taraplar indiki ýyl iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýylyň dolýandygyny belläp, taraplar özara hormat goýmak, dostluk we özara gyzyklanmalara esaslanmak ýörelgelerine eýerýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelerine syn berdiler.

"Nesil".