Tebigat — umumy öýümiz

13 Maý 2021
1442

Ekologiýa abadançylygy, tebigaty we daşky gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak häzirki döwürde bütin dünýäde möhüm ugurlaryň birine öwrüldi. Şeýle hem daşky gurşawy goramak meselesi islendik halkyň medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Türkmen halkymyz irki döwürlerden bäri ýere, suwa, haýwanat we ösümlik dünýäsine aýawly garap gelipdir.

Ata-babalarymyz ýeri eklenç çeşmesi hasaplapdyrlar. Ýere aýratyn hormat goýmak türkmenleriň edim-gylymlaryna çuňňur ornaşypdyr.

Handurdy AMANBERDIÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.