Asylly däpler rowaçlanýar

12 Maý 2021
905

Ekologiýany we daşky gurşawy goramak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa çäresine gatnaşyp, paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga bermegi bu hakykaty ähli aýdyňlygy bilen şöhlelendirdi. Şanly sene mynasybetli 10 — 25-nji maýda şeýle çäräni geçirmek başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary çykyş etdiler.

11-nji maýda ir bilen hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň günorta böleginde Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň işewür we medeni merkeziniň kemala gelýän hem-de halkara derejedäki döwrebap lukmançylyk desgalarynyň toplumy ýerleşýän ýerine bardy. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz ekologiýa we sport çäresine badalga berip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew bilen bilelikde, ýurdumyzyň baş şäheriniň giň, owadan ýollaryndan geçýän ugur boýunça ýola düşdi.

«Watan».