Möhüm hyzmatdaşlygyň çäklerindäki duşuşyk

7 Maý 2021
1371

6-njy maýda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasy hem-de onuň ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde onlaýn duşuşyk geçirdi. Ol ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak meselelerine bagyşlandy.

Duşuşyga milli teleradioýaýlymlaryň, metbugat we elektron neşirleriniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle hem welaýatlaryňdyr Aşgabat şäheriniň saglygy goraýyş müdirlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäre dördünji gezek geçirilip, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň bir bölegidir.

"Nesil".