Jümle-jahan habarlary

3 Maý 2021
1483

Gadymy jandarlaryň galyndylary

Irki döwürlerde ýaşap geçen äpet jandarlaryň galyndylaryna häli-şindi duş gelinýär. Ýakynda şeýle galyndylaryň biri Atakama çölünde tapyldy. Dinozawrlaryň täze tapylan bu görnüşi «Arackar licanantay» diýlip atlandyryldy. Ýerli dilde bu «Atakamanyň süňkleri» diýmekligi aňladýar. Alymlaryň bellemeklerine görä, bu äpet jandarlar gelip çykyşlary boýunça titanozawrlara degişlidir. Bu haýwanlary arka oňurgalarynyň gurluşy boýunça tapawutlandyrýarlar. Dinozawrlaryň bu görnüşleri 66―80 million ýyl mundan ozal Çiliniň demirgazygynda ýaşapdyrlar we dürli otlar bilen iýmitlenipdirler diýlip çaklanylýar. Tapyndy ýaş dinozawra degişli bolup, onuň boýy 6,3 metre barabar ekeni. Alymlar olaryň ulularynyň boýlarynyň bolsa 8 metre çenli bolandygyny aýdýarlar.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.)