Iň uzyn palma agaçlary

2 Maý 2021
1441

Tebigatda duş gelýän geň-enaýy täsinlikleriň biri-de, Kolumbiýa döwletinde ýerleşýän Kokora jülgesiniň 1800 – 2400 metr beýiklikdäki daglyk ýerinde ösýän, Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna giren palma (Ceroxylon quindiuense) agaçlarydyr. Bu palma agaçlary Kolumbiýa döwletiniň milliligi hasaplanylýar.

Iň uzyn palma agajy başgaça «Kondioý mum örtülen palma» diýlip atlandyrylýar. Sebäbi bu agajyň sütüni mum bölüp çykarýar we özüni zyýankeş mör-möjeklerden goraýar. Iň uzyn palma agaçlarynyň beýikligi 50 metre çenli ýetip, olar onlarça kilometr uzaklykdan hem görünýärler. Palmanyň sütüni silindr şekilli bolup, ýere golaý böleginiň göwrümi 50 santimetre ýetýär. Bu palma agaçlary tebigy şertlerde 120 ýyla çenli ýaşamaga ukyplydyrlar.

Şatlyk ITALMAZOW,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylym bölüminiň hünärmeni.