Ýedi reňkli ýaý

30 Aprel 2021
1860

Mähriban çagalar! Ýagyş ýagmagynyň yz ýany emele gelýän ýarym tegelek görnüşindäki dürli reňkli älemgoşary gören bolsaňyz gerek?! Bu täsin tebigy hadysa Gün şöhleleriniň ýagyş damjalarynda döwülmegi netijesinde emele gelýär.

Aslynda, bize sary bolup görünýän hem bolsa, Gün şöhlesiniň reňki ak bolýar. Ak reňkde gyzyl, sary, ýaşyl ýaly beýleki ähli reňkler jemlenendir. Ýagyş damjasy ol reňkleri bölüp, bize aýratynlykda görkezýär. Ýagny ýagyş damjalarynyň tebigy optiki prizma öwrülmegi bilen döreýär. Älemgoşarda, adatça, ýedi reňk bolýar: gyzyl, narynç, sary, ýaşyl, mawy, goýy gök we benewşe. Onuň reňkleri hem köplenç şu tertipde bolýar. Älemgoşaryň çür depesi, ýagny egrelýän ýeriniň ortasy 42 gradus bolup, ol gyzyl reňk daş, benewşe reňk iç tarapda bolýar. Kähalatlarda merkezi burçy 50 gradus bolan ikinji älemgoşar hem peýda bolýar. Ýagny goşa älemgoşar emele gelip, onuň biri has gowşak görünýär, reňk tertibi beýlekisiniň tersine bolýar.

Muhammet NAZARGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.