Höwesjeň bagbanlar

28 Aprel 2021
1482

Adaty bolmadyk agaçlary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan höwesjeň bagbanlaryň ençemesi Gubadag etrabynda hem bar. Olaryň yhlasy netijesinde, öňki döwürde bu sebit üçin häsiýetli bolmadyk unaby, garaburç, dub, injir, nar, hoz, pisse, zeýtun ýaly agaçlar ösdürilip ýetişdirilýär.

Şeýle bagbanlaryň biri hem etrabyň Baýdak obasynda ýaşaýan Soltan Ödekowdyr. Soltan aga indi ençeme ýyllardan bäri öz melleginde hoz agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýär. Onuň melleginde uly ýaşly hozlaryň 18 — 20 düýbi bar. Olar her ýyl bereketli hasyl getirýär.

Mamagül TAGANOWA,
Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Gubadag etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.