Ekologiýa abadançylygy — saglygyň goraglylygy

28 Aprel 2021
1429

Ilatyň saglygyny berkitmekde daşky gurşawy goramaga aýratyn orun degişlidir. Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, ekologiýa abadançylygyny gazanmak häzirki döwrüň umumadamzat meselesidir. Munuň oňyn çözgüdini tapmak, tebigat bilen ynsan durmuşynyň sazlaşykly gurşawyny emele getirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek Türkmenistanyň daşary hem içeri syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Ol Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen hem berk baglanyşyklydyr. Bu maksatlaryň ilkinjisi her bir adamyň sagdyn we tebigat bilen sazlaşykda, ekologiýa taýdan arassa, oňaýly daşky gurşawda ýaşamak hukugyny goramagy esasy ugur edinýär.

Ekologiýa fiziologiýasynyň keselleriň öňüni almakda lukmançylygyň binýatlyk esasy bolup durýandygy nazara alnyp, ýurdumyzda tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň umumy sazlaşygy döredilýär. Daşky gurşawy goramak boýunça oňyn başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini giňeltmek, baglara ideg etmek wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu bolsa güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýakymly howa gurşawynyň döredilmegine ýardam edýär.

Ilmyrat GURBANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmasiýa kafedrasynyň müdiri, himiýa ylymlarynyň kandidaty.