Tebigatyň täsin heýkeli

24 Aprel 2021
1504

Gahryman Arkadagymyzyň goldaw-hemaýaty bilen eziz Watanymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän tebigy we taryhy ýadygärlikleri ylmy taýdan öwrenmäge hem-de keremli topragymyzyň goýnundaky syýahatçylyk ähmiýetli täsinlikleri dünýä wagyz etmäge giň şertler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýurdumyzyň tebigatyna hem-de köp müňýyllyk taryhyna degişli henize çenli mälim bolmadyk täsin maglumatlary ýüze çykarmaga ýardam edýär. Köýtendagyň dagasty gowaklaryny ylmy taýdan öwrenmek boýunça geçirilen ylmy-gözleg işleriniň dowamynda mineral duzdan emele gelen taýçanagyň tebigy heýkeliniň — gymmat bahaly daşyň üstünden baryldy.

Köýtendagda ululy-kiçili dagasty tebigy gowaklaryň onlarçasy bar. Olaryň has ululary Gapgotan, Aralyk, Haşymoýuk, Daşýürek hem-de Gülşirin gowaklarydyr. Köýtendagyň dag jynslary millionlarça ýyllaryň dowamynda gadymy deňziň düýbünde ýygnanan duzlardan, kökleri ene Ýeriň çuňluklaryna siňip gidýän deňiz otlarynyňdyr jandarlarynyň, balykgulaklaryň we beýleki galyndylaryň tebigy minerallara öwrülen daşlaryndan emele gelipdir. Gymmatlyga öwrülen şol mineral duzlaryň süňňüne tebigy ýagynlaryň aralaşmagy netijesinde karst gowaklary emele gelipdir. Dagasty gowaklarda howanyň ýylylygynyň we çyglylygynyň birsydyrgyn saklanmagy netijesinde suw bugarýar hem-de ol howanyň çekýän ugruna süýşüp, soňra belli bir ýerlerde damja öwrülýär. Millionlarça ýyllaryň dowamynda şu tebigy hadysanyň netijesinde düzümi mineral duzly damjalardan dürli öwüşginli we gymmatlykly daşlar emele gelipdir. Olaryň köpüsi dürli jandarlaryň, ösümlikleriň ýa-da gündelik durmuşymyzda ulanylýan öý goşlarynyň keşbini ýada salýar.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, etnograf.