Tebigatyň «gözleri»

23 Aprel 2021
1355

Tebigaty goramak, oňa aýawly çemeleşmek her bir adamyň mukaddes borjudyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň çar künjeginde miweli we saýaly agaç nahallary oturdylyp, ösdürilip ýetişdirilýär.

Häzirki döwürde çylşyrymly önümçilikleriň köpelmegi tebigata has eserdeň çemeleşmegi talap edýär. Şonuň üçin-de tebigatyň hak hossarlary — halkara, jemgyýetçilik guramalary, birleşikler daşky gurşawy abat saklamak, janly-jandarlary aýamak baradaky işleri giňden ýaýbaňlandyrýarlar. Ozaldan dowam edýän goraghanalaryň işini gowulandyrmak, möhüm ýerlerde täze goraghanalary açmak, bu ugra degişli dünýä möçberindäki kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmek, seýrek gabat gelýän haýwanlaryňdyr ösümlikleriň döwürleýin hal-ýagdaýy baradaky ylmy gözleglerdir hasabatlary alyp barmak ýaly wajyp çäreleri amala aşyrýarlar.

Hemra ŞIR