Bag ekjek

22 Aprel 2021
2362

Her ýyl tomusky dynç alşyny Myrat obada atasynyň ýanynda geçirýär. Ol oba durmuşyny hem şäher ýaşaýşynyň gyzygy ýaly diýseň gowy görýär. Obanyň jana şypaly tämiz howasy, owadan tebigaty, ir bilen dag tarapdan öwüsýän mylaýym säher şemalyna çalaja yranýan baglardaky saýraýan guşlaryň owazy, al-ýaşyl meýdanda bark urýan gül-gülälekleriň gözelligi onuň kalbyny heýjana salýar. Ylaýta-da, oba adamlarynyň kiçigöwünliligi, myhmansöýerligi oňa şeýlebir ýaraýar. Obanyň gözelligine gözellik goşmak Myradyň mydama arzuwy. Bir gün ol ir bilen eline pil alyp, howlukmaç nirädir bir ýere ugramakçy boldy. Atasy: «Köşegim, eliňe pil alyp, gyssagly nirä barýarsyň?» diýip sorady. Myrat: «Ata, men ussat şahyrymyzyň sargydyny berjaý etmäge barýan» diýip ýylgyrdy. Atasy geňgalyjylyk bilen: «Ol haýsy şahyryň sargydy, oglum?» diýip, agtygynyň jogabyna garaşdy. Myrat: «Arada mugallymymyz hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülýändigi barada gürrüň berende, şahyr Gara Seýitliýewiň «Adam we ýadygärlik» diýen goşgusyny ýatlap: «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar» diýip, goşgy setirleri bilen düşündirdi. Nahal ekip, obamyzyň gözelligine görk goşýan obadaşlarymyzyň zähmetine menem goşandymy goşasym gelýär. Her gezek oba gezelenje gelenimde öz eken baglarymyň gözelligine guwanasym gelýär» diýip, pikirini aýtdy. Onuň bu sözlerini buýsanç bilen diňläp durşuna atasy: «Tüweleme, köşegim, özüňden kiçilere görelde bolmagyň ataňy buýsandyrdy» diýip, agtygynyň başyny sypady.

Bägül ABDYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 92-nji orta mekdebiň okuwçysy.