Durnalar

21 Aprel 2021
2023

Gökde uçup barýan durnalary görmek ynsana özboluşly duýgy bagyşlaýar. Her gezek göreniňde, sazlaşyp çykýan «gyrruw-gyrruw» seslerini, toýnuk şekilli hataryny haýran galman synlamak mümkin däl. Halkymyz durnalar hem-de olaryň göçi hem uçuşy bilen köp durmuş wakalaryny, ýagny gözellik, agzybirlik, sag-aman yzyňa dolanmak, bir başa bakmak ýaly ýagdaýlary baglanyşdyrýarlar. Biz durnalaryň hataryny her ýylda iki sapar görýäris. Ol durnalaryň göç uçuşlary bolmak bilen, güýzde — yssy ülkelere göçüşi, baharda ýene-de dolanyp gelşi bilen baglanyşyklydyr.

Durnalar guşlaryň diýseň täsin görnüşleriniň biridir. Olar guşlar maşgalasynyň durna şekilliler toparyna degişli bolmak bilen, örboýuna duran mahaly boýy 90-115 santimetre ýetýär. Iň iri durna hasaplanýan ak durnalaryň agramy 10 kilograma çenli bolup, ganatynyň gerimi 200-260 santimetre, boýy 120-140 santimetre ýetip bilýär. Durnalaryň guýrugy kelte bolýar. Olar aglaba açyk meýdanda, sähra ýerlerinde, suwly ýerlerde ýaşap, däne, ot, miweler bilen iýmitlenýärler. Durnalaryň täsin bir gylygy bardyr. Synçy awçylaryň gürrüň bermegine görä, haçanda olar topar bolup gije-girim suwly ýere gonanlarynda, olaryň biri «nobatçylyk» çekip, çüňkünde kiçijik daşjagazy saklaýar. Eger-de, ýaş, jüýje durnalaryň biri çala irkiläýse, jürnügi daşly durna saklap duran daşjagazyny suwa gaçyrýar. Jülpüldäp suwa düşen daşjagazyň sesine irkilen ýaş durna oýanýar.

Dünýägözel ANNANIÝAZOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.