Eziz Watanymyzyň belent abraýy

20 Aprel 2021
741

Şu ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasatynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Bu syýasat oňyn Bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Birleşen Milletler Guramasy bilen depginli ösdürilýän gatnaşyklar hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

«Mugallymlar gazeti».