Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

19 Aprel 2021
846

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdiler. Hususan-da, nebiti we gazy çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryny ilerletmek maksady bilen görülýän çäreler, eziz Diýarymyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, nyrhlar babatda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň elektron maglumatlar binýadyny döretmek we onuň elýeterliligini üpjün etmek, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar meseleleri boýunça birnäçe kararlaryň taslamalary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisiniň netijeleri hem-de raýatlarymyzyň şu ýylyň tomus döwründäki dynç alşy üçin şert döretmek boýunça teklipler, Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň taslamasy, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada habar berildi.