Asylly işleriň döwrebap ösüşi

19 Aprel 2021
799

17-nji aprelde ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda şanly seneler — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ählihalk ýowary geçirildi. Bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde geçirilen bu çärä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz ýowaryň geçirilýän ýerine geldi. Arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň geçirilýän ýerinde nahallara timar bermek üçin niýetlenen gurallar, suwaryş ulgamyna degişli serişdeler, baglaryň düýbüni agartmakda ulanylýan enjamlar görkezilýär. Köpçülikleýin ýowar çäresine hormatly Prezidentimiziň ekilen bag nahallaryna ideg edip başlamagy bilen badalga berildi.