Ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty dünýä dolýar

19 Aprel 2021
934

Golaýda paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi.

Däp bolşy ýaly, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu forum mähriban halkymyzyň milli gymmatlygy, onuň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşandy bolan meşhur ganatly bedewleri wagyz etmäge ýardam edýän möhüm ähmiýetli wakadyr. Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek, ahalteke bedewleriniň tutuş dünýäde şan-şöhratyny artdyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň möhüm ugrudyr.

«Aşgabat».