Jümle-jahan habarlary

19 Aprel 2021
1474

Dünýäniň iň uzyn agajy

Giperion agajy Ýer ýüzündäki iň uly agaç hasaplanylýar. Ol bu ady 2006-njy ýylyň 25-nji awgustyndan bäri göterýär. Demirgazyk Amerikada ösýän giperionyň beýikligi 115,61 metre, ýogynlygy 4,84 metre, göwrümi bolsa 502 kub metre barabar. Emma degişli ölçeglere laýyklykda onuň ýaşy uly hasaplanmaýar. Onuň bary-ýogy 700-800 ýaşy bar. Adatça, bu görnüşli pürli agaçlar 4 müň ýyla çenli ýaşamaga ukyply. Emma tebigaty öwrenijileriň bellemeklerine görä, giperion indi boý almasyny bes eder. Çünki daşdeşenler agaç sütüniniň ýokarsyny oýup, onuň ösmegine zyýan ýetiripdirler. Şonuň üçin hem ol indi diňe inine ulalar. Bu bolsa ýene-de birnäçe ýyldan birinjiligi «gelios» atly agaja geçirmäge mümkinçilik berer. Çünki häzirki wagtda uzynlygy boýunça dünýäde ikinji orunda durýan gelios bir ýylda 2 dýuýma çenli ösýär.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).