Saglyk — baş baýlyk

19 Aprel 2021
1274

Golaýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda ynsan saglygy hakyndaky alada ileri tutulýar. Munuň aýdyň subutnamasyny saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan ägirt uly işleriň mysalynda, bu ugurda gazanylýan üstünliklerde hem görmek bolýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bolsa şeýle üstünlikleriň esasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamyny ylmy esasda ösdürmekde, dünýä döwletleriniň bu ugurda gazanan tejribesini öwrenmekde netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda adam saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, halkymyzyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek üçin bolsa, saglygy goraýyş işgärleri yzygiderli bilim derejelerini we tejribelerini ýokarlandyryp durýarlar. Merkezlerde täze barlag we bejeriş usullary ýola goýulýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän uly möçberli işler amala aşyrylýar.

«Saglyk».