Bit­gin­li bag­la­ryň bag­ba­ny

15 Aprel 2021
1599

Öwezgeldi aga haly-malyny, tutuş barlygyny ene topraga bagyş edip, biregne 43 ýyl obasynda toparýolbaşçy (brigadir) bolupdy. Mele topraga goýlan gadyr hem oňa edilen hyzmat onuň ogul-gyz, agtykdyr çowluk, umuman, nesil-neberesini hor-zar etmän gelýär. 5 ogul, 3 gyzy terbiýeläp, il hataryna goşan, uly obanyň toý-tomgusynda bekewül bolan golamançy daýhanyň yzy ýitmedi. Ogullarynyň üçüsi «Ýykylsaň, ýere ýapyş» diýlenini edip, görseň gözüňi egleýän ajap bag ýetişdirmegiň hötdesinden geldi.

Ýüzleri Gün howruna mazaly ýanyp, sowuga gaýzygan, ýogyn bilekleri işe werdiş oba oglany Dädebaýa gyş gelip, iş azalanda giň meýdanlar dar göründi. Şeýdibem ol paýtagta, gurluşyk işlerinde işlemäge gaýtdy. Ol ýerde işiň uly-kiçisine bakman, baryny birhaýukda elden geçirdi. Başarnygyny synap gördi. Dädebaý dura-bara gurulýan binalardan özbaşyna paý alyp, özi ýaly dogumy içine sygmaýan gaýratly ýigitlerden daşyny gallady. Iň zamanabap görnüşde gurulýan belentden-belent binalarda öz eliň yzlaryny görmek, ilkibaşda juda buýsançlydy. Aradan wagt geçip, birwagtky kalp töründen orun alan bag ekmek hyjuwy aňynda at saldy. Ýolugra bag görünse, gözi eglendi. Ahyrynda bu oýlar ony yzyna dolady. Ol muňa ýeriň özüne çekiji güýji diýip düşünýär. Nirede bolsaňam, haýsy kärden hörek iýseňem, topragyň ýylysy özüne çekýär duruberýär eken. Onda-da ata-baba ömür örküni zerden gymmat saýylýan ýere baglan ynsanlar üçin-ä, topraga hyzmat etmekden ötri asylly kär ýok bolsa gerek.

Aýnabat NAZAROWA,
«Diýar».