Mukaddes ýörelge

14 Aprel 2021
1277

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky durmuşa geçirýän taryhy işleri bütin halkymyz tarapyndan goldanylyp, Watanymyzyň görküne görk goşýar. Muňa ýurdumyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabarasynyň döwlet derejesinde geçirilmegi, oňa bütin halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda miweli we saýaly baglaryň, üzümiň ekilmegi, öňki ekilen baglara zerur bolan degişli idegleriň geçirilmegi hem-de şeýle mukaddes ýörelgäniň netijesinde daş-töweregimiziň al-ýaşyl bagy-bossanlyga öwrülmegi aýdyň subutnama bolup durýar. Şeýle işler 3-nji derejeli kapitan Tirkiş Mämmedowyň serkerdelik edýän serhet birikmesinde-de üstünlikli amala aşyrylýar. Ekilen baglara wagtly-wagtynda ideg edilip, düýpleri ýumşadylyp, haşal otlardan arassalanylýar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen baglar damjalaýyn usulda suwarylýar. Bu, ekologik taýdan peýdaly bolup, suwuň tygşytly ulanylmagy we agaç nahallarynyň gowy suwarylmagy üçin zerur bolup durýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belleýşi ýaly, tebigata aýawly çemeleşmek, dag etekleriniň, ýaýlalaryň we sähralaryň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini goramak, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny degişli derejede saklamak bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa tutuş ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagynda, ilatyň saglygyny we sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Agajan NIÝAZOW,
kapitan-leýtenant.