«Ýylan kelleli» kebelek

11 Aprel 2021
3019

Kebelekleriň Ýer ýüzünde örän köp görnüşi bar. Şeýle kebelekleriň biri hem tawus gözli atlas kebelegidir (attacus atlas). Ol ululygy we owadanlygy bilen tapawutlanýar. Teňňeganatlylaryň iň uly wekili hasaplanýar. Tawus gözli atlas kebelegi Indoneziýanyň Ýawa adasynda hasaba alyndy. Mundan başga-da, oňa Hytaýda, Hindistanda, Wýetnamda, Pakistanda, Malaýziýada, Filippinlerde we Täze Gwineýada duş gelmek bolýar. Tawus gözli atlas kebeleginiň ganatlarynyň uzynlygy 24 – 27 santimetre barabar.

Tawus gözli atlas kebeleginiň ganatlarynyň öňki böleginde ösüntgisi bolup, ýylanyň kellesini ýadyňa salýar. Şol sebäpli kebelegi «Ýylan kelleli» diýip hem atlandyrýarlar. Bu kebelekler gijesine işjeň bolýarlar.

Maýa HAJYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.