Bagban bagyndan belli

2 Aprel 2021
1454

Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky kararynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandyny goşýan bagbanlaryň biri-de Täçmämmet Goýçyýewdir. Ol welaýatymyzyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Ak altyn geňeşliginde ýaşaýar.

Tejribeli daýhan Täçmämmet Goýçyýew häzir altmyşynyň onlugyny tegelän adam. Ussat bagban ogly Umyt bilen wagtynyň köp bölegini bag içinde geçirýär. Olar baglary hapa-haşal otlardan arassalamak, baglaryň düýbüni ýumşatmak ýaly işler bilen meşgullanýarlar. Bu bagbanlar maşgalasy häzir iki gektara golaý ýerde alma agajynyň 80, garalynyň 100, üljäniň 40, erigiň hem 150 düýbüne ideg edýärler. Bag ýetişdirmek hysyrdyly iş. Ýaşuly bagbana maşgala agzalary — ýanýoldaşy Aýsenem, ogly Umyt, gyzlary Dünýä, Dilber, Gülaýym dagy kömek edýärler.

Gurbannazar GÜRGENÇLI,
žurnalist.