Jogapkärli möwsüm

1 Aprel 2021
1331

Gowaça ekişi oba hojalygynda jogapkärli möwsümleriň biri hasaplanýar. Täze hasylyň düýbüniň mäkäm tutulýan bu döwründe işiň hiline we ekişiň wagtynda alnyp barylmagyna uly ähmiýet degişlidir. Muňa oňat düşünýän Tejen etrabynyň oba zähmetkeşleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna sowgatly barmagy maksat edinip, şu günler gowaça ekişine örän jogapkärli çemeleşýärler.

Üstümizdäki ýylda etrap boýunça 34 müň gektar meýdana agrotehnikanyň kadalaryna, toprak-howa şertlerine gabat gelýän gowaçanyň ýokary hilli tohumyny, şol sanda gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten — 14», orta süýümli «Ýolöten — 39» we «Jeýhun» ýaly görnüşlerini ekmek meýilleşdirildi. Şonuň bilen baglanyşykly, etrapda gowaça ekişi guramaçylykly alnyp barylýar. Bu işler «Babadaýhan», «Agalaň», Ö.Japarow adyndaky, «Tejen», «Däneçilik» daýhan birleşiklerinde has gyzgalaňly dowam edýär.