Dost-doganlygyň baýramy

20 Mart 2021
1578

Hormatly Prezidentimiz 12-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde taryhy müňýyllyklara uzap gidýän Nowruz baýramynyň medeniýeti, sungaty we ýagşy dessurlary giňden wagyz etmekde halkara ähmiýetiniň bardygyny belläp, onuň häzirki döwürde halklaryň arasyndaky agzybirligi pugtalandyrýandygyny aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Halkara Nowruz baýramy dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine döwletleriň özara gatnaşyklary üçin täze mümkinçilikleri açýar, halklaryň arasynda ynanyşmagy, özara düşünişmegi we dostlugy pugtalandyrýar.

Umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dürli-dürlüligini gorap saklamak hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy we teklip etmegi netijesinde 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmek barada ýörite Kararnama kabul edildi.

Gözel BABAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.