Gözelligiň we arassaçylygyň mekany

20 Mart 2021
1226

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilen köpugurly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigi ak şäherimiziň keşbiniň düýpli özgerýänliginde, bagy-bossanlyga bürenýänliginde aýdyň görünýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň bahar gözelliklerine beslenýän owadan künjekleriniň sany barha artýar. Bütin ülkämizi ýaşyl lybasa büreýän bahar paslynyň gelmegi bilen, ene toprak bolçulygyň bereket çeşmesine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyza iş saparlarynyň dowamynda alnyp barylýan sanitariýa, ekologiýa we arassaçylyk işlerini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrýar. Daş-töweregimizde arassaçylygyň, abadançylygyň höküm sürmegi, bagy-bossanlyga bürenmegi — bularyň ählisi, sagdynlygyň hem ruhubelentligiň çeşmesi.

Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan möhüm wezipelerinden ugur almak bilen, paýtagtymyzyň ähli etraplarynda üstünlikli amala aşyrylýan köpçülikleýin abadanlaşdyryş we arassalaýyş işleri zähmet joşgunyna beslenýär. Edara-kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim ojaklarynyň, saglyk öýleriniň daş-töwereklerinde, seýilgählerde, köçeleriň, şaýollaryň ikiýan tarapynda, çagalar meýdançalarynda arassaçylyk, abadanlaşdyryş, bejeriş we timarlaýyş işleri bilen birlikde agaç nahallaryny we gül şitillerini ekmek işleri hem yzygiderli alnyp barylýar. Paýtagtymyzda geçirilýän köpçülikleýin işlere talyp ýaşlar, mugallymlar, edara-kärhanalaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary yhlasly zähmeti bilen goşant goşýarlar. Mähriban paýtagtymyzyň gözelligi barha artyp, özboluşly bahar sazlaşygynyň lälezar öwüşginlerini äleme äşgär edýär. Daş-töweregimiziň arassaçylygy, päkizeligi, bagy-bossanlyga, owadan güllere beslenmegi, onda dürli guşlaryň şirinden-şirin saýraşýan şadyýan sesleriniň ýaňlanyp durmagy biziň her birimizde uly ruhubelentligi, zähmet joşgunyny döredýär.

Güljahan ŞAHBERDIÝEWA,
«Aşgabat».