Mukaddes topragyň bezegi

20 Mart 2021
1198

Eziz Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeler durmuşyň ähli ulgamlaryny öz içine alýar. Döwrebaplaşdyrylan işler batly depginlerde dowam edýär. Şunda ylmyň we innowasiýanyň öňdebaryjy gazananlary önümçilige işjeň ornaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen mähriban Diýarymyzda täze seýilgäh we tokaý zolaklaryny döretmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler türkmen topragynyň ähli künjekleriniň görküni artdyrýar. Ýurdumyzda döredilýän tokaý zolaklary ekologiýa howpsuzlygynyň möhüm şerti, milletimiziň abadançylygynyň we sagdynlygynyň kepili bolup durýar.

Öwezmyrat RAHYMOW.