Nar

11 Mart 2021
1472

Gadym döwürlerde nar agajynyň miwesi örän gymmatly hasaplanyp, dermanlyk serişde hökmünde ulanylypdyr. Ene-mamalarymyz, deri önümlerini gaýtadan işlän senetçilerimiz nary ýüňi, ýüplügi, matany, derini reňklemekde reňk beriji serişde hökmünde ulanypdyrlar. Biziň ýurdumyzyň ähli sebitinde nar agajy ýetişdirilýär, dag sebitlerinde bolsa ýabany narlara duşmak bolýar.

Naryň ynsan saglygyna peýdalydygyny halkymyz ir döwürlerden bäri bilipdir we halk tebipçiliginde giňden ulanylyp gelnipdir. Nar C, B6, B12, R ýokumlaryna we ýod, demir, natriý, kalsiý, kaliý, magniý, marganes, fosfor ýaly mikroelementlere baýdyr. Nar däneleri bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny — immunitetini berkidýär. Nar şiresiniň ganazlykda, gemoglobin peselende, şeýle-de keselçilikden soňky döwürde bedeniň taplanmagynda peýdalydygyny lukmanlar aýdýarlar.

Ysmaýyl ŞABERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.