Gözelligiň nusgasydyr Aşgabat!

19 Fewral 2021
869

Döwletli, döwranly zamanamyzda ýurdumyzyň paýtagtyny görmäge göz gerek. Bu günki Aşgabat gözelligi bilen görenleri haýrana goýýar. Başlary asmana sary uzaýan belent binalarynyň barha artmagy bilen ajap keşbe eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy netijesinde dünýäde iň owadan şäherleriň birine öwrülen paýtagtymyzyň at-owazy dünýä dolýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenilip geçiler. Gahryman Arkadagymyz bu babatda her gezekki çykyşlarynda bellemek bilen, baýramçylyklaryň ýokary derejede geçirilmegini, olara gabatlanylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän binadyr desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli tabşyrylmalydygyny nygtaýar. Häzirki wagtda gözel paýtagtymyzda öňümizdäki şanly seneler mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan binadyr desgalaryň ençemesi bar. Şolaryň gurluşygynda hormatly Prezidentimiziň talabyna laýyklykda işler depginli alnyp barylýar.

Selbi HALMYRADOWA,
TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler boýunça usulyýetçisi.